Täze Toyota Tacoma çykdy

  • 22.05.2023 09:34
  • 36k+

Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasy Tacoma kysymly awtoulagyň täze dördünji neslini hödürledi. Bu barada brendiň metbugat gullugy habar berdi. 

Täzeligiň TNGA-F bitewi platformada gurlandygy aýdylýar. Ulagyň dizaýnynda alýumin bölekleri ulanylypdyr. Hususan-da, yzky galdyrylýan bölegi bu metaldan ýasalan. Pikapyň dizaýny Kaliforniýanyň Calty studiýasy tarapyndan taslanylypdyr.
Alyja dolybahaly iki hatarly kabinaly (Double Cab), şeýle hem yzky oturgyçlaryň ýerine goş üçin meýdança ýerleşdirilen XtraCab atly wersiýa hödürlener. Salonda öňki panelde 12,3 dýuýmlyk duýgur ekranly multimediýa ulgamy bar. Sürüjiniň öňünde dört dilli köp funksiýaly rul we ýedi dýuýmlyk wirtual panel bar.

Esasy toplumlarynda Toyota Tacoma  278 at güýji öndürýän 2,4 litrlik dört silindrli turbo hereketlendirijisi bilen elýeterli bolar. Ýokarky wersiýasy elektrik hereketlendirijisi bilen üsti ýetiriljek şol bir turbo hereketlendirijisine esaslanýan gibrid elektrik stansiýasyny alar. Şeýle enjamyň umumy güýji 326 at güýji bolar. Herekete getiriji - yzky ýa-da doly.
ABŞ-yň bazarynda täze Toyota Tacoma 2023-nji ýylyň güýzünde peýda bolar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......