Hytaý we Merkezi Aziýa döwletleri Sian jarnamasyna gol çekdiler

  • 20.05.2023 15:47
  • 30k+

Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan Hytaý – Merkezi Aziýa sammitiniň Sian jarnamasyna gol çekdi. Bu barada HHR-iň başlygy Si Szinpin žurnalistlere aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Biz bilelikde Hytaý – Merkezi Aziýa sammitiniň Sian jarnamasyna gol çekdik, duşuşygyň netijeleriniň sanawyny tassykladyk we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ösüş meýilnamasyny kesgitledik” – diýip, Hytaýyň Merkezi telewideniýesi Si Szinpiniň sözlerini getirýär. Jarnamanyň teksti heniz neşir edilmedi.

HHR-iň ýolbaşçysy Hytaý bilen Merkezi Aziýa hyzmatdaşlarynyň özygtyýarlylyk, garaşsyzlyk, howpsuzlyk we territorial bitewülik meselelerinde birek-birege berk goldaw berjekdiklerini belledi. Mundan başga-da, taraplar her bir döwletiň milli şertlerine laýyklykda saýlanyp alnan birek-biregiň ösüş ýoluna hormat goýarlar we islendik bahana bilen ýurtlaryň içerki işlerine güýç gatyşygyna berk garşylyk görkezerler.

“Biz terrorizmiň, separatizmiň, ekstremizmiň, temmäki kontrabandasynyň we transmilli guramaçylykly jenaýatçylygyň islendik görnüşi bilen aýgytly göreşeris” – diýip, Si Szinpin aýtdy.

Hytaýyň lideri taraplaryň BMG-niň Düzgünnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etjekdigini, köptaraplaýynlygy we halkara gatnaşyklarynyň umumy ykrar edilen halkara kanunlaryny we kadalaryny gorajakdygyny, şeýle-de halkara adalatyny goldajakdygyny belledi.
Sammit 18-19-njy maýda Sianda geçirildi.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......