OpenAI iOS üçin niýetlene ChatGPT programmasyny işe girizdi

  • 20.05.2023 15:27
  • 5k+

OpenAI penşenbe güni iOS enjamlary üçin emeli aň esasynda işleýän çat-bot programmasy bolan ChatGPT-iň işe başlandygyny habar berdi.

"Bu gün iOS üçin ChatGPT programmasyny işe girizýäris. ChatGPT programmasyny ulanmak mugt we ol taryhyňyzy ähli enjamlarda sinhronlaýar" –diýip, kompaniýa öz web sahypasyndaky beýanatynda ýazdy.

Programmanyň häzirki wagtda diňe ABŞ-ly ulanyjylar üçin elýeterli boljakdygy we soňra beýleki ýurtlarda peýda boljakdygy bellendi. Mundan başga-da, kompaniýa Android enjamlarynyň eýeleri üçin şuňa meňzeş önümiň çykarylandygyny habar berdi.
OpenAI kompaniýasynyň ChatGPT-ni 2022-nji ýylyň ahyrynda işe başlady. Hyzmat ulanyjy bilen gepleşik tertibinde aragatnaşyk saklaýar. Çat-bot goşmaça soraglara jogap berip, ýalňyşlyklaryny boýun alar, nädogry ýerlerine garşy çykyp we ýerliksiz haýyşlary ret edip biler. Hyzmatyň mümkinçilikleri köpçüligiň ünsüni özüne çekdi. Täzelik dürli ýurtlaryň talyplary tarapyndan synag tabşyrmak we akademiki resminamalary taýýarlamak üçin ulanylandan soň tankyt edildi.


15.06.2026 08:07
1.5k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....

13.06.2026 12:23
8.4k+

Messi ChatGPT-niň mahabatynda düşdi

OpenAI kompaniýasy Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagynda ChatGPT-niň mahabat wideosyny hödürledi....

10.06.2026 11:22
1.9k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

08.06.2026 09:45
1.5k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....