Toý mekanlaryna we toý hyzmatlaryna işgärleriniň eşigini täzelemek üçin oňat teklip

  • 19.05.2023 18:36
  • 28k+

Toý mekanlarynyň hem-de hyzmatlarynyň işgärleri — menejerler, aşpezler, administratorlar, ofisiantlar we şular ýaly beýleki işgärler üçin egin-eşiklerini taýýarlamaklyga ýöriteleşen hususy kärhana hyzmatlaryna arzanladyş yglan etdi. Arzanladyş maý aýynyň 30-yna çenli dowam eder.

Ofisiantlar üçin bir toplum (komplekt) eşikleriň bahasy 250 manatdan, oturgyçlar üçin çehollar 70 manatdan başlaýar.
Hususy kärhana ofisiantlar üçin ýörite köýnekleri hem tikip başlady. Bu köýnegiň ýakasynda, manjedinde we ýeňinde toý mekanynyň (hyzmatynyň) öz logotipini goýup bolýar.
Egin-eşikleri taýýarlanylanda, olaryň göze gelüwli, şol bir wagtda hem jana rahat bolmagy baş maksat edilip goýulýar. Önümleriň ählisi Türkiýeden gelen materiallardan taýýarlanylýar.
Işgärler üçin taýýarlanylýan egin-eşikler her işgäriň ýerine ýetirýän işine görä indiwidual işlenilýär. Çünki aşpeziň, menejeriň, ofisiantyň edýän işi biri-birinden düýpgöter tapawutly, şol bir wagtda olaryň ählisini bir umumy stile laýyklanylýar. Ine, muny bolsa hususy kärhananyň baý tejribesine ynanyp bolar.
Bu hususy kärhana önümleriniň hiline, sargytlaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine kepil geçýär. Şol bir wagtda hem bahalarynyň amatlydygyny habar berýär.


Ýakynda bu hususy kärhana Aşgabatdaky durky täzelenen Aýly güzer toý mekanynyň tikinçilik işleriniň ählisini (işgärler düzüminiň egin-eşikleri, tutular, salfetkalar, skatertler, çehollar...) dolulygyna ýerine ýetirdi. Aýly güzerden başga-da, bu kärhananyň müşderileriniň hatarynda Bagtyýar toý mekany, Hezzet restorany, Täze duşuşyk toý mekany, Arzuw ýoly toý mekany, Nazarly bakyş toý mekany, Ahal toý mekany, Ajaýyp toý hyzmatlary, Tagam toý hyzmatlary, Goşa gumry restorany ýaly köp sanly toý mekanlary bar.

Öz toý mekanyňyzyň, toý hyzmatyňyzyň işgärleri üçin egin-eşikleri, stollaryň skatertlerini, stullar üçin çehollary, salfetkalary sargyt etmek isleseňiz şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: +99365082347


18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.2k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.7k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......