Toyota birbada örtüksiz iki sany täze Tacoma-ny görkezdi

  • 19.05.2023 09:18
  • 31k+

Toyota-nyň amerikan bölümi Tacoma kysymly awtoulagyň täze nesliniň başga bir (ähtimal, soňky) tizerini neşir etdi. Onda birbada iki sany pikap görünýär, ýöne olar guş uçar belentlikden görkezilýär, şonuň üçin ähli zady aýyl-saýyl  etmek mümkin däl. Tacoma-nyň täze nesliniň ilkinji resmi  çykyşy 19-njy maýda meýilleşdirilýär.

Pikaplar beýikli-pesli ýerlerde surata düşürilen. Daş-töwereginden çen tutsaň, suratda Trailhunter we TRD Pro diýlip atlandyryljak owal yglan edilen wnedorožnik modofikasiýalarynyň bardygyny görkezýär.
Tacoma TRD Pro iň ekstremal wersiýa bolmaly. Ak pikapyň hut şol wersiýada ýerine ýetirilendigini kapotdaky gara element görkezip dur. Birnäçe gün öň internetde syzylmak netijesinde peýda bolan pikapyň howa kabul edijisi hem hut  gara reňkdedi. TRD Pro has gabaraly Tundra TRD Pro-nyň nusgasy boýunça  modellenen i-Pro Max gibrid güýç gurluşyny alar diýlip garaşylýar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......