Imolada geçirilmeli «Formula — 1-iň» Gran-prisi ygally howa sebäpli ýatyryldy

  • 19.05.2023 09:15
  • 3.5k+

Italiýanyň Imola şäherinde geçirilmeli “Formula-1-iň” Gran-prisi ýaramaz howa şertleri sebäpli geçirilmez. Bu barada “Patyşalyk ýaryşlarynyň” metbugat gullugyna salgylanyp, sport-interfax.ru habar berýär.

“Formula-1”, FIA-nyň prezidenti, doly ygtyýarly edaralar, şol sanda degişli ministrler, Italiýanyň Awtomobil klubunyň prezidenti, Emiliýa-Romanýa sebitiniň prezidenti, şäher häkimi we promouter bilen geçirilen gepleşiklerden soň dynç günleri Imolada Gran-prini geçirmezlik kararyna gelindi” – diýlip, habarda aýdylýar.
“Bu häzirki howa şertlerinde janköýerler, toparlar we işgärler üçin ýaryşy howpsuz geçirmegiň mümkin däldigi bilen baglanyşyklydyr” – diýlip, relizde bellenilýär.

Habar berlişi ýaly, sebitdäki çabga suw joşmalaryna getirdi. Tapgyr bolsa 19 – 21-nji maýda geçirilmelidi.


27.05.2026 18:20
7.1k+

Italiýanyň çempionatynda tälimçi duranok: «Milan» Allegrini işden boşatdy, Konte «Napoliden» gitdi

Italiýanyň A Seriýasynda 2025/26 möwsüm diňe bir «Interiň» ýeňşi we «Komo» klubunyň taryhy üstünligi bilen däl, eýsem top-klublaryň arasyndaky nobatdaky giň gerimli özgertmeler bilen hem jemlendi....

25.05.2026 23:07
9.1k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

14.05.2026 19:30
3.6k+

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....