Maýkl Duglas Kann kinofestiwalynyň “Altyn palma şahasyny” aldy

  • 19.05.2023 09:05
  • 5k+

Sişenbe güni aktýor Maýks Duglasa 76-njy Kann kinofestiwalynyň “Altyn palma şahasy” gowşuryldy. Kinematografyň ösüşine goşan goşandy üçin baýragyň gowşurylyşy festiwalyň açylyş dabarasynda boldy. Dabara TF1 teleýaýlymynda ýaýlyma berildi diýip, TASS habar berýär.

“Bu baýrak we ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirýärin. Dünýäde ýüzlerçe festiwal bar, ýöne diňe birje Kann bar. Bu festiwala 76 ýyl boldy, ýöne maňa ondanam kän” – diýip, sentýabr aýynda 79 ýaşyny doldurýan aktýor degişdi.

Duglas kinofestiwala aýaly Ketrin Zeta-Jons we gyzy Keris bilen bilelikde geldi. Karýerasynyň dowamynda Duglas 70-den gowrak kinokartinada surata düşdi we iki “Oskar” baýragynyň, alty “Altyn globusyň”, şeýle-de Emmy baýragynyň eýesi boldy. 2018-nji ýylyň noýabr aýynda şou-biznesde 50 ýyllygy mynasybetli aktýor Kaliforniýa ştatynyň Los-Anjeles şäherindäki Golliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyza eýe boldy.


16.05.2026 19:49
3.7k+

Jon Trawolta Kannda duýdansyz ýagdaýda «Altyn palma şahasy» hormat baýragyny aldy

Amerikan aktýory Jon Trawolta kinematografiýa goşan goşandy üçin Kann kinofestiwalynyň «Altyn palma şahasy» hormat baýragyna mynasyp boldy. Bu baýragyň gowşuryljakdygy barada öňünden habar berilmändi....

15.05.2026 11:13
1.3k+

Piter Jekson Spilbergiň «Tintiniň başdan geçirmeleri» filminiň dowamyny düşürer

Meşhur režissýor Piter Jekson «Tintiniň başdan geçirmeleri» filminiň dowamynyň üstünde işleýändigini we ssenariýany Fren Uolş bilen bilelikde ýazýandygyny habar berdi....

13.05.2026 14:33
2.6k+

Almodowaryň, Farhadiniň we Hamagutiniň gatnaşmagynda 79-njy Kann kinofestiwaly açyldy

12-nji maýda 79-njy halkara Kann kinofestiwaly öz işine başlady. Esasy bäsleşige 22 film girip, olaryň arasynda dünýä belli režissýorlaryň işleri we kinematografiýanyň täze ugurlaryny hödürleýän awtorlaryň......

06.05.2026 20:03
1.5k+

79-njy Kann kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

Kann kinofestiwaly 2026-njy ýyl üçin eminler düzümini yglan etdi. Eminler agzasynyň başlygy Pak Çhan Uk bilen bilelikde bu düzüme ýene sekiz adam girdi....