Türkmen wekiliýeti «Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023-e» gatnaşýar

  • 18.05.2023 13:03
  • 7.9k+

«Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum 2023» atly XIV halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Kazana geldi.

Forumyň maksady Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny berkitmekden ybarat bolup durýar. Çäräniň maksatnamasyna onlarça sessiýalar girizildi, şol sanda, “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag ugrunyň ösdürilmegine bagyşlanan mowzuga-da serediler.
Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň, beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi gatnaşýarlar. 
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň birnäçe resmi duşuşyklary meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde halal önümçiligine bagyşlanan «Russia Halal Expo» atly halkara sergisi geçiriler. Onda Türkmenistanda öndürilen önümler hem görkeziler.  
Serginiň açylyş dabarasyna Russiýanyň Tatarstan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow gatnaşar.
Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň Halkara ykdysady forumy ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirildi.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......