BMG: Ýer ýüzüniň plastik bilen hapalanmasyny 2040-njy ýyla çenli 80% azaldyp bolar

  • 18.05.2023 14:36
  • 16k+

BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) hasabatyna görä, 2040-njy ýyla çenli dünýäniň plastik bilen hapalanmasy 80% azalyp biler. Hünärmenler polimer galyndylaryna garşy göreşiň howa, tebigata we jemgyýetiň saglygyna ýetýän zyýany azaltmagyň hasabyna ýurtlara trillionlarça dollar peýda getirjekdigini hasaplaýarlar diýip, plus-one.ru belleýär.

Hasabatda artykmaç gaplamalardan we ýok halatynda-da oňup boljak beýleki önümlerden ýüz öwürmegiň tutuş dünýäde plastik galyndylaryny azaltmak boýunça ilkinji ädimdigi bellenilýär. Mundan beýläkki çäreler plastmassa önümleriniň gaýtadan işlenilmegini we gaýtadan ulanylmagyny ýokarlandyrmagy, şeýle-de polimer materiallarynyň ekologiýa taýdan arassa alternatiwalar bilen çalşylmagyny öz içine alar.
UNEP plastik senagaty bilen bagly döwlet syýasatyndaky öňe gidişlik 2040-njy ýyla çenli plastik hapasynyň ýyllyk göwrümini 40 mln tonna çenli azaltmaga mümkinçilik berer diýip hasaplaýar. Eger çäre görülmese, dünýäde her ýyl 227 mln tonna plastmassa galyndylary emele geler.
Awtorlar diňe plastik önümlerini gaýtadan ulanmak arkaly 2040-njy ýyla çenli plastik hapalanmasynyň möçberini 30% azaldyp boljakdygyny hasapladylar. Şeýle shema 2025-nji ýylda Beýik Britaniýada synagdan geçiriler. Gaýtadan işlemegiň artmagy 2040-njy ýyla çenli hapalanmany ýene 20% azaldar, plastigiň kagyz we kompostirlenýän materiallar bilen çalşylmagy bolsa dünýäni ýene 17% polimer hapasyndan azat eder. UNEP galyndylaryň galan bölegini esasy plastik önümçiligine salgyt salmagyň we plastmassa çykarmak üçin esasy çig mal bolan gazylyp alynýan ýangyjyň önümçiligi üçin subsidiýalary ýatyrmagyň hasabyna ýok etmegi teklip edýär.
Plastigiň ekologiýa taýdan arassa alternatiwalaryna geçmek üçin ýylda 65 mlrd dollar töweregi gerek bolar, ýöne bu mukdar global plastik senagatynyň ýyllyk çykdajysynyň diňe ýarysyny emele getirýär.
UNEP-iň hasabyna görä, geljek 20 ýylda plastik bilen hapalanmanyň 80% azalmagy 3 trln dollardan gowrak zyýanyň öňüni alar we 500 mln tonna CO2 zyňyndylaryndan gaçmaga mümkinçilik berer. Hasabatda plastigiň az mukdaryna geçmegiň, esasanam, pes girdejili ýurtlarda 700 müň iş ornuny döretmäge mümkinçilik berjekdigi görkezilýär.


11.06.2026 12:12
8.4k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......