Ak öý 2022-nji ýylda prezidentiň we birinji hanymyň gazanan girdejileri barada hasabaty neşir etdi

  • 18.05.2023 12:20
  • 18k+

Ak öý prezident Jo Baýdeniň girdejisi barada hasabaty neşir etdi, ondan 2022-nji ýylda prezidentiň gazanan girdejisiniň çapdan çykan kitaplary üçin gonorar mukdarynyň azalmagyna garamazdan öňki ýyl bilen deňeşdirilende sähel üýtgändigi gelip çykýar diýip, golosameriki.com habar berýär.

2022-nji ýylda Baýden gonorar görnüşinde 2,5 – 5 müň dollar aldy – bu prezidentiň bir ýyl ozal neşirýatlardan alan 30 000 dollary bilen deňeşdirilende ep-esli azdyr. Şeýle-de, ol “dilden we ýazmaça çykyşlary” üçin hem azyndan 3000 dollar gazandy. Ondan öňki ýyl prezident çykyşlary üçin tas 30 000 dollar gazanypdy.
Hasabatda birinji hanym Jill Baýdeniň hem girdejisi görkezilýär. Onuň hem kitap neşirleri üçin gonorarlary azaldy. 2022-nji ýylda ol bir ýyl ozalky kitap satuwyndan alnan 15 000 – 50 000 dollar bilen deňeşdirilende, 5 000 – 15 000 dollar gazandy.
Hasabata görä, prezident är-aýalyň umumy aktiwleri 1,09 – 2,57 mln dollar bilen bahalandyrylýar.
ABŞ-nyň prezidentiniň ýyllyk zähmet haky 400 000 dollara barabar. Demirgazyk Wirjiniýanyň Jemgyýetçilik kollejinde iňlis dilinden sapak berýän Jill Baýdeniň zähmet haky 82 335 dollara ýetýär. Olaryň girdejisiniň galan bölegi maýa goýumlardan gelen girdejileriň, pensiýa we sosial hasaplardan, şeýle-de ýazylan kitaplar üçin Baýdenleriň awtorlyk gonorarlaryny almak bilen meşgullanýan korporasiýalardan gelen tölegleriň hasabyna alyndy.


08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.2k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......