Seýfleri indi hazynaseyf.com saýtynyň üsti bilen hem satyn alyp bolýar

  • 17.05.2023 13:28
  • 8.8k+

Koreý, eýran, türk hem hytaý seýfleriniň dürli görnüşlerini, şeýle hem islendik agramda, açarly we açarsyz, ýangyna çydamly, şeýle hem diňe kodly seýfleri hödürleýän Hazynaseýf dükanynyň önümlerini indi saýtynyň üsti bilen hem satyn alyp bolýar. Munuň üçin hazynaseyf.com saýtyna girip, özüňe laýyk seýfi saýlap, «Satyn al» belligine basmak ýeterlik.

Türkmenistanda Ýewropa standartlaryna laýyk gelýän iň uly seýf saýlawyny hödürleýän «Hazynaseýf» dükanynyň saýtyndan seýfi satyn almak üçin şulary etmeli:

  1. Adyňy girizmeli;
  2. Telefon belgiňizi ýazmaly;
  3. Eltip bermek üçin salgyny görkezmeli;
  4. Eltip bermeli güni saýlamaly (şu gün, ertir, 5 gün soň);
  5. Tölegiň görnüşini görkezmeli (nagt, terminal, onlaýn);

Islege görä, goşmaça bellik ýazyp bolar. Mysal üçin, harydy sowgat hökmünde gaplamak ýa-da beýleki hyzmatlar.
Hazynaseyf.com saýtyndan diňe bir seýfleri däl, eýsem, pul sanaýan apparatlaryň, hamyr garýanlaryň, suwenirleriň hem dürli görnüşlerini onlaýn satyn alyp bolýar.
«Hazynaseýf» dükany müşderilere hödürleýän harytlarynyň ählisine resmi taýdan kepillik berýär.
Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň içine, şeýle hem 5 welaýata amala aşyrylýar.
Seýf dürli garaşylmadyk ýagdaýlardan goramaga ukyplydyr. Şonuň üçin hem seýf saýlananda gowusyny saýlamak hökmandyr. Çünki ol ynsany ömründe bir gezek bolup biläýjek hadysadan goraýar hem-de adam ony ömründe bir gezek satyn alýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+99365 50-77-12;
+99364 50-77-12
Salgy: Aşgabat ş., G.Kyliýew köçesi, (Sewernyý-Halturin) «Gyrat» binasy
Web saýt: hazynaseyf.com

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......