Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň öň ýanyndaky möwsüm başlandy

  • 17.05.2023 08:56
  • 14k+

Şu gün, 17-nji maýda Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlarynyň öň ýanyndaky möwsüm başlanýar. Bu saýlawlary Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu ýylyň 23-nji iýulynda geçirmek bellenildi. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde bellenildi.

Guramaçylyk işiniň barşy, şol sanda Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça degişli saýlaw toparlarynyň düzümini düzmek we saýlaw okruglarynyň 5-sini döretmek baradaky maglumatlar diňlenildi. Merkezi topar ýokarda ady agzalan saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Saýlaw toparlary üçin gollanmalara we beýleki degişli resminamalara seredildi hem-de tassyklanyldy.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda beýleki guramaçylyk meselelerine-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....