Ynsanperwer kömek hökmünde Owganystanda 3 sany türkmen lukmany işläp başlady

  • 17.05.2023 08:37
  • 35k+

3 sany türkmen lukmanlary owgan zenanlaryna hem-de çagalaryna bejeriş we maslahat beriş ýardamlaryny bermek üçin Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesindäki 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüne geldiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Turgundy şäherçesinde lukmanlary owgan tarapy gyzgyn garşy aldy. Olar çaga dogrulýan öýünde owgan zenanlaryň we çagalaryň saglygyny bejermekde öz ýardamlaryny we maslahatlaryny berip işe başladylar. Lukmanlaryň sapary şu ýylyň maý aýynyň ahyryna çenli dowam eder.
Şu ýylyň 3-nji maýynda bu çaga dorgulýan öýünde Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat ş.) Baş konsullygy tarapyndan düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi mynasybetli ynsanperwer çäresi geçirildi. Onuň dowamynda ynsanperwer kömegi hökmünde saglyk öýüne zerur bolan derman we lukmançylyk serişdeleri hem gowşuryldy.
Belläp geçsek, bu çaga dogrulýan öý 2016-njy ýylda Türkmenistan tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde gurlup berildi.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......