Şwesiýaly aýdymçy Lorin «Ýewrowideniýede» ikinji gezek ýeňiji boldy

  • 14.05.2023 11:09
  • 17k+

Şwesiýaly aýdymçy Lorin Liwerpulda geçirilen “Ýewrowideniýe – 2023” bäsleşiginde “Tattoo” aýdymy bilen ýeňiji boldy. Ýeňijini yglan etmek dabarasy Bi-bi-si tarapyndan göni ýaýlymda görkezildi diýip, TASS habar berýär.

Lorin indi-pop, indi-rok, trans we trip-hop žanrlarynda aýdym-sazlary ýerine ýetirýär. 2012-nji ýylda “Euphoria” kompozisiýasy oňa “Ýewrowideniýede” ilkinji ýeňşi getirdi. Umumy alanyňda, şwesiýaly ýerine ýetirijiler bäsleşikde rekord ýedi gezek ýeňiş gazandylar, bu soňky 27 ýylda ýeňiş gazanyp bilmedik irlandiýaly ýerine ýetirijiler bilen deňdir.
Emin agzalarynyň we tomaşaçylaryň ses bermeginiň netijesi boýunça şwesiýaly bäsleşige gatnaşyjy 583 bal gazandy. Finlýandiýaly repçi Kaarija (Kaýariýa, hakyky ady – Ýere Peuhenen) 526 bal bilen ikinji boldy. Lorin aýdym-saz pudagynyň hünärmenlerinden, onuň bäsdeşi bolsa tomaşaçylardan has köp ses aldy.
Üçünji orny 362 bal bilen ysraýylly Noa Kirel eýeledi, dördünji orunda 350 bal bilen Italiýanyň wekili Marko Menýoni, bäşinji orunda 268 bal bilen norwegiýaly aýdymçy Alessandra ýerleşdi. 10 ýyl mundan ozal Nigeriýadan Ukraina göçüp gelen Andreý Gusulýakdan we Jeffri Kenniden ybarat ukrainaly duet Tvorchi 243 bal bilen altynjy orny eýeledi, ol tomaşaçylardan 189 bal aldy.
Çykyşy bilen programmany tamamlan britaniýaly bäsleşige gatnaşyjy Meý Mýuller bary-ýogy 24 bal gazanyp, 25-nji orny eýeledi. Iň bes bahany – 18 baly Germaniýadan Lord of the Lost topary aldy.
Ýeňijiler kesgitlenilende şou-biznesdäki hünärmenlerden düzülen emin agzalarynyň gatnaşyjylara beren ballary, şeýle-de şu ýyl bäsleşige gatnaşan 37 ýurtdan tomaşaçylaryň bahalary jemlendi. Mundan başga-da, bäsleşikde görkezilmedik ýurtlardan meşhur aýdym-saz muşdaklarynyň sesleri hasaba alyndy.


17.05.2026 14:15
6.1k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 12:10
3.4k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ähli finalçylary belli boldy

Wenanyň «Wiener Stadthalle» arenasynyň sahnasynda geçirilen iki sany saýlama tapgyryň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlendi....

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......

01.04.2026 11:20
1.8k+

«Ýewrowideniýe» Aziýada ilkinji aýdym-saz bäsleşigini geçirýändigini yglan etdi

Ýewropa teleradioýaýlymlar birleşigi «Ýewrowideniýe Aziýa» atly täze aýdym-saz bäsleşiginiň döredilýändigini mälim etdi. Bäsleşigiň final tapgyryny 14-nji noýabrda Bangkokda geçirmek meýilleşdirilýär....