Serdar Berdimuhamedow nebitgaz toplumy boýunça wise-premýeri çalyşdy

  • 14.05.2023 00:56
  • 21k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşyrguly Begliýewi başga işe geçmegi sebäpli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz meseleleri boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.

Nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän täze wise-premýer wezipesine «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow bellenildi. Bu barada şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.
Aşyrguly Begliýew wise-premýer wezipesine 2023-nji ýylyň fewralynda bellenildi, ondan öň 2022-nji ýylyň aprelinden bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesini eýeleýärdi. 2015-2017-nji ýyllarda «Türkmengaz» döwlet konsernine ýolbaşçylyk etdi.
Batyr Amanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine 2020-nji ýylyň iýulynda bellenildi. Ondan öň ol Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory we nebitgaz ulgamynda beýleki ýolbaşçy wezipelerde işledi.


08.06.2026 19:01
4.1k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...