Liberal-demokratik partiýa Mirziýoýewi Özbegistanyň prezidentligine dalaşgär hödürlär

  • 13.05.2023 11:07
  • 20k+

Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasy 9-njy iýulda geçiriljek prezident saýlawlaryna häzirki döwlet baştutany Şawkat Mirziýoýewi dalaşgär hökmünde görkezer. Bu barada TASS habar berdi.

Mirziýoýewiň dalaşgärligini görkezmek karary partiýanyň syýasy geňeşiniň anna güni geçirilen nobatdan daşary mejlisinde kabul edildi.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, Özbegistanyň syýasy partiýalary Adalat ministrliginde saýlawlar geçirilmezden alty aýdan gijä galman hasaba alnan halatynda prezidentlige dalaşgärleri hödürlemek hukugyna eýedirler. Häzir respublikada bäş syýasy partiýa bar – Özbegistanyň Halk-demokratik partiýasy, “Milliý tiklaniş” partiýasy, “Adolat” sosial demokratik partiýasy, Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasy we Özbegistanyň Ekologiýa partiýasy.


20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

21.03.2026 08:25
5.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

20-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär...