Özbegistanda möhletinden öň Prezident saýlawlary boýunça möwsüm başlandy

  • 11.05.2023 13:46
  • 15k+

Çarşenbe güni Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary öz mejlisinde nobatdan daşary prezident saýlawlary üçin saýlaw möwsümine başlamak kararyna geldi.

"Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistanda nobatdan daşary prezident saýlawlaryny bellemek baradaky kararyna, şeýle hem Saýlaw kodeksine we Özbegistan Respublikasynyň konstitusiýasyna laýyklykda Merkezi saýlaw topary prezidentiň kararyna laýyklykda möhletinden öň 9-njy iýulda geçiriljek respublikanyň prezident saýlawlary üçin saýlaw kampaniýasynyň başlanandygyny habar berýär"- diýip, Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew edaranyň YouTube kanalynda efire berilýän Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde aýtdy.

8-nji maýda Mirziýoýew möhletinden öň prezident saýlawlaryny geçirmek barada karara gol çekdi. Şerzod Asadow "Täzelenen konstitusiýanyň 128-nji maddasy bilen ýurduň prezidentine berlen ygtyýarlyklardan peýdalanyp, döwlet baştutany ikinji möhüm karara gol çekdi. Şoňa laýyklykda, biziň ýurdumyzda prezident saýlawlary möhletinden öň geçiriler" – diýip, respublikanyň prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadow Telegram-kanalda ýazdy.
Ozal Mirziýoýew möhletinden öň saýlawlary geçirmäge rugsat berýän kanuna gol çekipdi.


01.04.2026 19:38
6k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

21.03.2026 08:25
5.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

20-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär...

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...