Türkmenistanda Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

  • 10.05.2023 13:53
  • 14k+

9-njy maýda Türkmenistanda şanly sene bolan 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi.

Asylly däbe eýerip, häzirki we geljek nesilleriň nurana durmuşynyň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna aşgabatlylaryň köp sanlysy we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar.
Toplumyň çägindäki «Milletiň ogullary» ýadygärlik binasy Watan üçin wepat bolan gahrymanlaryň, “Baky şöhrat” ýadygärlik binasy Beýik Watançylyk urşunda, «Ruhy tagzym» ýadygärligi bolsa Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň hatyrasyna bina edildi.
«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Halk Maslahatynyň agzalary, milli parlamentiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, zähmet toparlarynyň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, myhmanlary 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara bildirilýän çuňňur hormatyň nyşany hökmünde ýadygärligiň etegine gül desselerini goýdular.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......