Wýetnamda rekord dereje gyzgyn howa hasaba alyndy

  • 08.05.2023 23:36
  • 25k+

Wýetnamda rekord dereje yssy howa hasaba alyndy, 7-nji maýda demirgazykdaky Thanhoa welaýatynda termometrleriň sütünjigi +44.1 gradusa çenli ýokarlandy.

Welaýat häkimiýetleri ilaty günüň aşa gyzan wagtynda öýden çykmazlyga çagyrdy.
Wýetnamda öňki temperatura rekordy 2019-njy ýylda hasaba alyndy. Şonda Hatin welaýatynyň howasy + 43,4 gradusa çenli gyzdy.
Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlarynda-da howa aşa gyzýar. Şeýlelik bilen, Tailandyň günbatarynda +44,6 gradus temperatura hasaba alyndy, Mýanmada termometr soňky 10 ýylda  +43,8 gradus bellikde iň ýokary derejä çykdy.


21.05.2025 11:09
6.9k+

Hytaý kompaniýasy 10 518 drony Wýetnamyň asmanyna götermek bilen rekord goýdy

Aprel aýynda Ginnesiň rekordlar kitaby täze üstünligi hasaba aldy: Wýetnamyň asmanyna bir wagtyň özünde 10 518 kwadrokopter galyp, dünýäde iň uly yşyk şüweleňini geçirdi. Bu barada Interesting Engineering habar berýär...

10.05.2025 13:52
3.8k+

Wýetnamda janly relikt ösümligiň äpet wekili tapyldy

Alymlar Wýetnamyň demirgazygyndaky Hoanglýenşon daglarynda ösümlikleriň Marchantiophyta bölümine degişli Blepharostoma vietnamicum atly täze görnüşini açdylar. Açyş wýetnamly, günorta koreýaly we russiýaly alymlaryň bilelikdäki ekspedisiýasynyň netijesinde boldy...

12.04.2025 08:15
5.2k+

Lego Wýetnamda 1,3 mlrd dollarlyk zawod açdy

Daniýanyň Lego kompaniýasy Wýetnamyň Binzyong günorta welaýatynda konstruktor önümçiligi boýunça täze zawod açdy. Bu kompaniýanyň dünýäde altynjy we Aziýada ikinji kärhanasy boldy diýip, WIA agentligi habar berýär...

06.03.2024 18:24
16k+

Wýetnamyň paýtagty Hanoý dünýäde iň hapa şäher boldy

Ilaty, takmynan, 9 mln bolan Wýetnamyň paýtagty Hanoý dünýäde howasy has güýçli hapalanan şäherleriň antireýtinginde birinji orna çykdy. Bu barada Agence France-Presse (AFP) agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp...