Belal Muhammed UFC 288 ýaryşynda Gilbert Býornsdan üstün çykdy

  • 08.05.2023 15:34
  • 11k+

7-nji maýda Nýuarkda (ABŞ) UFC 288 ýaryşynyň nobatdaky tutluşygynda amerikaly Belal Muhammed braziliýaly Gilbert Býorns bilen duşuşdy.

Ýarym orta agram derejesinde geçen tutluşyk bäş raundlap dowam edip, eminleriň biragyzdan karary bilen Belal Muhammediň ýeňşi bilen tamamlandy (50-45, 49-46, 49-46).
Amerikaly türgeniň hasabynda professional karýerasynda indi 23 ýeňiş we üç ýeňliş bar. Býornsyň hasabynda bolsa 22 ýeňiş we alty ýeňliş bar.
Belal Muhammed bilen Gilbert Býorns söweşi gyssagarada kabul etmeli boldular, çünki ilkibaşdaky meýilleşdirilen Beneil Dariuş — Çarlz Oliweýra tutluşygy ýaryş başlamazdan öň ýatyryldy.


düýn 23:43
6.4k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......