Putin Serdar Berdimuhamedowy Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdy

  • 07.05.2023 22:58
  • 47k+

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Prezident Serdar Berdimuhamedowy Ýeňşiň 78 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanyp, Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaraly harby ýörişe we çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow çakylyk üçin rus kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Baştutanynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen 7-nji maýda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde aýdyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy Ýeňiş gazanylmagynyň umumy taryhy hakydada aýratyn orun eýeleýändigini nygtady. Russiýada bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda-da, Ýeňiş gazanmak ugrunda söweşenler hem-de şol ýowuz ýyllarda tylda janaýaman zähmet çekenler baradaky hakyda mukaddes sarpa goýulýandygy bellenildi.
Biz ýeňiş üçin janlaryny gurban edenlere çuňňur hormat goýýarys hem-de aramyzda ýaşap ýören uruş weteranlary alada bilen gurşalýar hem-de geljekde-de bu baradaky meselä uly üns berler diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň ýakynlaşyp gelýän 78 ýyllygy bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar.


düýn 19:01
953

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......