Londonda Karl III-ä täç geýdirildi (foto)

  • 06.05.2023 19:37
  • 34k+

Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III şenbe güni Londondaky Westminster abbatlygynda täç geýdi. Iki sagatlyk dowam eden dabarada Angliýanyň Buthanasynyň ruhanysy, Kenterberiý arhiepiskopy Jastin Uelbi hökümdaryň başyna keramatly Eduardyň täjini geýdirdi. Bu barada TASS habar berýär.

Ol XVII asyrda arassa altyndan ýasaldy, onuň agramy 2,2 kg bolup, 400-den gowrak gymmat bahaly daşlar bilen bezelendir. Täç Londonyň Tauer galasynda garawullar tarapyndan dyngysyz ýagdaýda goralyp saklanýar. Ony Karl II-den (1630-1685) başlap, ähli britaniýaly monarhlar üçin täç geýdiriş dabaralarynda ulanyldy. Täji monarhyň kellesine geýdirip, Kenterberiý arhiepiskopy “Eý Allatagalla, patyşany öz penaňda sakla” sözlerini aýtdy, ony abbatlykdaky 2,2 müň myhmanyň ählisi gaýtalady.
Täç geýdiriş dabarasynyň şanyna ýurtda artilleriýa salýuty başlandy. Ony patyşalygyň 13 dürli nokadyndan 400-den gowrak harby gullukçy alyp barýar.
Dabara tagta oturtmak bilen tamamlanýar. Monarh täç geýdirilýän kürsiden turup, onuň ýanynda goýlan tagta geçýär we wepalylyk kasamyny kabul edýär.
Dabarada monarhyň aýaly şa aýaly Kamilla hem täç geýdirildi we tagta çykaryldy. Ol indi “konsort” goşundysy bolmazdan, diňe şa aýaly diýlip atlandyrylar.


27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.3k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...

26.02.2026 14:03
6.2k+

Beýik Britaniýanyň parlamentinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi

25-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy...