FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Türkmenistana geldi

  • 04.05.2023 14:33
  • 20k+

Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino şu gün iş sapary bilen Aşgabada geldi. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde FIFA-nyň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylary garşy aldy.

Bir günlük iş saparynyň barşynda Infantino ýurduň we milli futbol federasiýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşar hem-de futboly ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşar.
Bu sapar FIFA-nyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana ilkinji saparydyr.
2-nji maýda Infantino Täjigistanda, 3-nji maýda bolsa Gazagystanda iş sapary bilen boldy we bu ýurtlaryň Prezidentleri bilen duşuşdy. 4-5-nji maýda onuň Gyrgyzystana, 5-6-njy maýda bolsa Özbegistana saparlary meýilleşdirilýär.


şu gün 08:03
1.7k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.3k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......