Bloomberg: Samsung işgärlerine işdäki enjamlarynda ChatGPT ulanmagy gadagan etdi

  • 04.05.2023 11:21
  • 5.9k+

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics kompaniýasy işgärlerine ChatGPT çat-botuny we şuňa meňzeş tehnologiýa önümlerini, maglumatyň syzylmagy gorkusy sebäpli, korporatiw enjamlarda ulanmagy gadagan etdi. Bu barada Bloomberg duşenbe güni kompaniýanyň içerki resminamasyna salgylanyp habar berdi.

Agentligiň berýän maglumatyna görä, aprel aýynda Samsung Electronics-iň inženerleri tötänden kompaniýanyň deslapky koduny ChatGPT-e ýüklemek bilen, onuň syzylmagyna ýol berdiler. Kompaniýa şu we şuňa meňzeş çat-botlara ýüklenen maglumatlaryň daşarky serwerlerde saklanýandygyny we şonuň üçin üçünji taraplara elýeterli bolup biljekdigini belleýär.

"Howpsuzlyk talaplaryny ak ýürekden berjaý etmegiňizi haýyş edýäris, düzgün bozmalar kompaniýanyň maglumatlarynyň syzylmagyna sebäp bolup biler, bu bolsa soňy tä işden çykarylmaklyga çenli baryp biljek düzgün-nyzam temmileriniň berilmegine sebäp bolup biler" – diýip, agentlik Samsung-yň gulluk resminamasyndaky sözleri getirýär.

Agentligiň düşündirişi ýaly, gadaganlyk korporatiw enjamlara we torlara degişlidir. Beýleki enjamlardan çat-bota girilende işgärlere awtorlyk hukugy bilen baglanyşykly maglumatlary ýüklemek gadagan edilýär. Muňa ugurdaşlykda, kompaniýa öz ChatGPT analogyny durmuşa ornaşdyrmagyň üstünde işleýär.


12.05.2026 14:43
7.5k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

23.04.2026 22:41
3.8k+

Germaniýada bir adam ChatGPT-niň kömegi bilen kazyýet işini utdy

Germaniýada emeli aňdan peýdalanyp, kazyýetde özüni aklamagy başaran adam barada täsin waka hasaba alyndy. Leýpsig şäheriniň ýaşaýjysy Dawid Hins öz goranyş çäresini ChatGPT neýroulgamynyň kömegi bilen......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....