Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy CAFA-nyň wise-prezidenti saýlandy

  • 03.05.2023 17:25
  • 17k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow Merkezi Aziýa futbol assosiasiýalarynyň (CAFA) wise-prezidenti wezipesine saýlandy. Guramanyň täze ýolbaşçylar düzümi Duşenbe şäherinde 2-nji maýda geçen CAFA-nyň 8-nji mejlisinde saýlandy diýip, Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär.

CAFA-nyň ikinji wise-prezidenti wezipesine Owganystanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Mohammed Ýusuf Korgar saýlandy.
Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Rustami Emomali bolsa gaýtadan dört ýyllyk möhlete CAFA-nyň prezidenti wezipesine saýlandy.
CAFA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň täze düzümine şeýle hem Eýranyň Futbol federasiýasynyň baş sekretary Hedaýat Mombeni hem girdi.
Gyrgyz Futbol bileleşiginiň wise-prezidenti Dastanbek Konokbaýew Merkezi Aziýa futbol assosiasiýalaryndan Aziýa futbol konfederasiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy boldy.


şu gün 08:03
1.7k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.3k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......