FIFA-nyň prezidenti ilkinji gezek Türkmenistana gelip görer

  • 03.05.2023 09:52
  • 24k+

Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino 4-nji maýda Türkmenistana gelip görer. Bir günlük saparyň barşynda FIFA-nyň ýolbaşçysy ýurduň we milli futbol federasiýalarynyň ýolbaşçylary bilen futbol oýnuny ösdürmek hem-de bu ugurda özara gatnaşyklary giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşar diýip, sişenbe güni «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.

Infantinonyň Merkezi Aziýa boýunça iş sapary 2-nji maýda Täjigistandan başlady. Duşenbe şäherinde Infantino Merkezi Aziýa futbol assosiasiýalarynyň Kongresiniň sekizinji mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Rustam Emomali CAFA -nyň prezidenti wezipesine gaýtadan dört ýyllyk möhlete saýladny.
Şu hepdede Janni Infantino şeýle hem Gazagystana, Gyrgyzystana we Özbegistana baryp görer.
Belläp geçsek, 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletine amala aşyran saparynyň dowamynda Dohadaky «Halifa» stadionynda FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen görüşdi. Şol gezek Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň şol saparynyň sport ulgamynda, aýratyn-da, futbol babatda halkara derejedäki gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetini belledi.


şu gün 08:03
1.7k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 17:32
6.3k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......