Hytaýa gitjek türkmenistanlylar üçin ýurda giriş düzgünleri üýtgedildi

  • 02.05.2023 16:55
  • 36k+

HHR-niň Türkmenistandaky ilçihanasy Hytaýa barýan Türkmenistanyň raýatlaryna COVID-19-a PZR-testiniň ýerine antigenlere test tabşyrmaga rugsat edilendigini habar berdi. Bu täzelik 29-njy aprelden güýje girdi diýip, ilçihananyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, bu epidemiki ýagdaýyň üýtgemegi bilen we ýolagçylaryň rahatlygy üçin edildi.
29-njy aprelden başlap ýolagçy uçara münmegine 48 sagat galanda testden geçmeli, ondan soňra mobil goşundy arkaly ýa-da hytaý gümrükhanasynyň saýty arkaly testiň netijelerini ýüklemeli.

«Tersin netije alnandan soňra «Hytaýa gireniňde/çykanyňda saglyk ýagdaýy hakyndaky deklarasiýanyň kartasyny» doldurmaly we ony WeChat Customs Pocket Declaration kiçi-programmanyň üsti bilen, China Customs mobil goşundysy arkaly ýa-da chinaport.gov.cn saýtynda deklarirlemeli» - diýlip, habarda aýdylýar.

PZR-test ýa-da COVID-19 antigenleriň testi— bu ýokanjy barlamagyň iki dürli usulydyr.
PZR-testiň anyklygy ýokarydyr (100% golaý), ýöne ol ýörite enjamlary we ýokary derejeli hünärmenleri talap edýär, şeýle hem uzak wagt alýar (12 sagatdan bäş güne çenli).
Öz gezeginde, antigenleriň testi o diýen anyk däldir (58%-den 72% çenli), ýöne tizliginde artykmaçlyga eýedir (5 minutdan 30 minuda çenli), ol barlaghanasyz geçirilip bilinýär we bahasy arzandyr.


08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

15.04.2026 08:15
1.3k+

Sanlylaşdyrma we medeni miras: «Turkmentravel – 2026» sergisi we forumy nähili geçýär

Habar berşimiz ýaly, Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bu çäre türkmen we daşary ýurtly syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň arasynda göni......

21.03.2026 07:40
1.9k+

Aşgabatda aprel aýynda «Turkmentravel – 2026» syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seredilen esasy meseleleriň biri «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna görülýän taýýarlyk boldy. Çäreleri şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

06.03.2026 20:39
5.6k+

Hytaýda gadymy wulkanlaryň arasynda täsin syýahatçylyk merkezi guruldy

Binagärlik dünýäsiniň iň täze we gyzykly taslamalarynyň biri bolan «Volcano-In» syýahatçylyk merkezi Hytaýyň Içki Mongoliýa sebitindäki Baýinkulun etrabynda gurlup gutaryldy. PLAT ASIA binagärlik edarasy tarapyndan döredilen bu desga «Sähra we wulkanlar» atly uly syýahatçylyk toplumynyň bir bölegi bolup durýar...