«Raşid» lunahody ýitirilenden soň, Dubaýyň emiri täzesini gurmagy tabşyrdy

  • 02.05.2023 16:34
  • 19k+

BAE-niň premýer-ministri we milli kosmos maksatnamasyna gözegçilik edýän Dubaý emirliginiň hökümdary şeýh Muhammed ben Raşid Al Maktum “Raşid” rpweri ýitirilenden soň, täze Aý rowerini gurmagy buýurdy.

«Raşid» kosmiki gämisiniň missiýasy Aýyň üstünde gonup bilmedi. Şeýle-de bolsa, Aýa ýetmek höwesimiziň çägini onuň öz belentligine deňiç galdyryp, geljegi uly kosmos taslamalaryny durmuşa geçirmäge ukyply ýigitler we gyzlar toparyny döretmegi başardyk" – diýip, çarşenbe güni şeýh Muhammed Twitterde ýazdy.
"Şu günden başlap, täze Raşid-2 enjamynda Aýa ýetmek üçin täze synanyşyk başlar" –diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

25-nji aprelde “Raşid” kosmos gämisini Aýyň üstüne eltmeli Ýaponiýanyň Hakuto-R moduly şowsuz gonuş başdan geçirdi. Ispace öndürijisiniň başlygy Takesi Hakamada modul bilen aragatnaşygyň ýitirilendigini, missiýanyň şowsuz diýlip yglan edilendigini aýtdy.


düýn 22:30
724

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....