Katarly şeýh “Mançester Ýunaýted” üçin $6,3 mlrd hödürledi

  • 30.04.2023 10:33
  • 16k+

Kataryň öňki premýer-ministri şeýh Hamad ben Jasim ben Jaber Al Taniniň ogly “Mançester Ýunaýtedi” 5 mlrd funt sterlinge (6,3 mlrd dollar) satyn almak üçin ahyrky teklibi öňe sürdi. Bu barada Bloomberg habar berýär diýip, sportrbc.ru belleýär. 28-nji aprelde topary satyn almak üçin arzalary bermegiň üçünji tapgyrynda ahyrky möhlet geçdi.

“MÝ-ny” satyn almaga britaniýaly milliarder, transmilli himiýa kompaniýasy Ineos-yň eýesi Jim Retkliff hem dalaş edýär. Onuň näçe mukdary hödürländigi belli däl.
Şeýle baha boýunça şertnama geçen ýyl Walmart-yň mirasdüşeri Rob Uoltonyň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan NFL-iň topary “Denwer Bronkos” (amerikan futboly) üçin tölenen 4,65 mlrd dollardan geçip, taryhda sport klublary bilen baglaşylan iň uly şertnama bolar.
Forbes klubuň bahasyny 4,6 mlrd dollar bilen bahalandyrýar – bu dünýäde iň gymmat üçünji futbol klubydyr (ondan öň “Barselona” we “Real Madrid” bar).


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......