Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistan bilen döwlet serhediniň tertibi baradaky Ylalaşygy tassyklaýan Kanuna gol çekdi

  • 29.04.2023 14:55
  • 30k+

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda gazak-türkmen döwlet serhediniň tertibi baradaky Ylalaşygy tassyklamak baradaky» Kanuna gol çekdi.

Gazagystanyň Prezidentiniň edarasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, şertnama 2021-nji ýylda Aşgabatda gol çekilipdi.
Bu resminama Gazagystan bilen Türkmenistanyň döwlet serhedinde hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Hususan-da, kanunyň kadalary döwlet serhedinden şahsyýetler, ulaglar, harytlar we beýleki emläkler bilen geçmegiň hem-de döwlet serhediniň üstünden uçuşlary amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär. Şeýle hem, serhetdäki hojalyk, awçylyk, barlag, gözleg işlerini ýa-da beýleki dürli çäreleri guramagy öz içine alýar.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky serhediň umumy uzynlygy 458,3 km. Bu iki döwletiň hem iň gysga halkara serhedidir.


şu gün 01:02
2.6k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......