Samsung I çärýekde arassa girdejisini 7 esseden gowrak azaltdy

  • 28.04.2023 23:55
  • 7k+

Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy birinji çärýekde arassa girdejisini ýedi esseden gowrak azaltdy. Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, ýanwar – mart aýlarynda arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 11,325 trln wona bilen deňeşdirilende, 1,575 trln wona boldy ($1,18 mlrd). Şol bir wagtyň özünde çip çykaryjy biznes 4,58 trln wona möçberinde ýitgi hasaba aldy. Bu maglumatlary Interfax.ru ýetirýär.

Analitikler kompaniýanyň 821 mlrd wona girdeji almagyny çaklapdylar.
Geçen çärýek Samsung-yň girdejisi 18% - 63,745 trln wona çenli azaldy. Operasion girdeji 95% - 640,2 mlrd wona çenli peseldi.
Kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy Seuldaky söwdada 1,1% ýokarlandy. Kompaniýanyň bazar bahasy şu ýylyň başyndan bäri 17,2% (tas 424 trln wona çenli) ýokarlandy, şol bir wagtyň özünde Kospi fond indeksi 11,6% ýokary galdy.


düýn 20:25
2.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......