Germaniýada 1894-nji ýylda çykan ulag guratlykdan geçdi

  • 28.04.2023 11:59
  • 41k+

1894-nji ýylda çykan Benz Wiktoriýa №99 atly awtoulag Germaniýada TUV barlagyndan (Germaniýada awtoulaglaryň guratlyk ýagdaýyny barlagy) üstünlikli geçdi. Augsburger Allgemeine-niň ýazmagyna  görä, seýrek duş gelýän awtoulaga, käbir çäklendirmelere seretmezden, jemgyýetçilik ýollarynda ýene iki ýyl hereket etmäge rugsat berildi.

Benz Wiktoriýa №99 dünýäde hasapda duran iň gadymy awtoulagdyr.
Rugsat berilmegine garamazdan, awtoulag aşaky Saksoniýanyň Einbek şäheriniň muzeýinde dur. Muzeý işgärleri neşire bu seýrek ulagyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edýändiklerini aýtdylar. Şonuň üçin inspektorlaryň arz-şikaýata sebäp tapmandygy geň däldir.

Şol bir wagtyň özünde, birnäçe sebäplere görä, Benz Wiktoriýa №99-y diňe gündiz sürüp bolýar. Bütin awtoulag pudagynyň atasy Benz Patent-Motorwagen-iň ösüşine öwrülen awtoulag şemli çyralar bilen enjamlaşdyrylandyr we öwrüljekdigini aňlatmak üçin yşarat baýdagy ulanylmaly. Mundan başga-da, diňe bir silindrli alty at güýji bolan 3 litrlik hereketlendirijisi sagatda 27 km tizlige ýetmäge mümkinçilik berýär, şonuň üçin bu seýrek awtoulaga uly ýola çykmak gadagan.


20.01.2026 13:20
10k+

Germaniýada benzinde işleýän Toyota we Lexus-larda hereketlendirijini uzakdan otlamak funksiýasy ýatyryldy

Germaniýada Toyota we Lexus markalarynyň mobil goşundylarynda hereketlendirijini uzak aralykdan otlamak funksiýasy öçürildi. Bu çäklendirme diňe benzin bilen işleýän awtoulaglara degişli bolup, Bild neşiriniň habaryna görä, üýtgeşme müňlerçe ulag eýesine täsir etdi...

18.12.2025 12:17
5.2k+

Volkswagen kompaniýasy 88 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodyny ýapar

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar...

08.11.2025 17:02
7.5k+

Xiaomi-niň prezidenti Germaniýanyň awtobanlarynda SU7 Ultra-ny özi synagdan geçirdi

Xiaomi Group-yň prezidenti Lu Weýbing Germaniýada Xiaomi SU7 Ultra flagman elektromobiliniň iki günlük synagyny geçirdi. Ol Berlin-Gamburg we Gamburg-Frankfurt ugurlary boýunça, takmynan, 800 km geçdi. Kompaniýa 2027-nji ýylda Ýewropanyň elektromobil bazaryna çykmaga taýýarlanýar...

28.10.2025 19:05
7.6k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar...