Türkmenistan «Galkynyş» känini 7 tapgyrda özleşdirip, gaz akymyny ýylda 200 mlrd kub metre çykarar

  • 27.04.2023 10:26
  • 14k+

Türkmenistan ägirt uly «Galkynyş» gaz käninden tebigy gazyň akymyny ýylda 200 milliard kub metre ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu görkezijä ýetmek käni özleşdirmegiň ähli 7 tapgyrynyň ýerine ýetirilmegi bilen mümkin bolar. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Dubaýda geçýän forumda aýtdy.

«Gaz ýatagy häzirki wagtda synag-senagat ulanyş döwründe bolup, soňlugy bilen gazy almagyň depginleri artdyrylar. <...> Hemişelik alnyş döwründe tutuş gaz ýatagy boýunça gazyň ýyllyk çykarylyşy 200 mlrd kub metre ýetiriler» - diýip, Lurýewa aýtdy.

Öz prezentasiýasynda ol gaz ýatagynyň tapgyrlaýyn özleşdirilmeginiň maýa goýum akymyny kadalaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini, şeýle hem guýularyň ähli tehniki mümkinçiliklerini göz öňüne tutjakdygyny belledi.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....