LVMH Ýewropada kapitallaşdyrmasy 500 mlrd dollardan geçen ilkinji kompaniýa boldy

  • 25.04.2023 11:36
  • 10k+

Fransiýanyň kompaniýalar topary LVMH-iň kapitallaşdyrmasy 500 mlrd dollardan geçdi. Şeýlelik bilen, LVMH Ýewropada bu çäkden geçen ilkinji kompaniýa boldy. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 0,3% ýokarlanyp, duşenbe güni 903,7 ýewro ýetdi, netijede kompaniýa 454 mlrd ýewro ($500 mlrd) bilen bahalandyryldy.
LVMH-iň kapitallaşdyrmasy Hytaýda bezeg harytlarynyň satuwynyň çalt ösmegi we ýewronyň hümmetiniň güýçlenmegi sebäpli ýokarlandy diýip, agentlik habar berýär. Bu netije birinji çärýekde satuwyň çalt ýokarlanmagy netijesinde LVMH dünýäniň iň uly 10 kompaniýasynyň hataryna gireninden soň iki hepdeden az wagtyň içinde gazanyldy diýip, Bloomberg belleýär.
Kompaniýanyň bahasynyň ýokarlanmagy dünýädäki iň baý adamyň, LVMH-iň prezidenti Bernar Arnonyň baýlygyny-da artdyrdy. Bloomberg-iň milliarderler indeksine laýyklykda, ol tas 212 mlrd dollara barabar.


04.04.2025 11:28
7.1k+

Forbes: ilkinji gezek birbada 3 milliarderiň baýlygy 200 mlrd dollardan geçdi

Forbes neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawyň taryhynda ilkinji gezek birbada üç adamyň baýlygy 200 mlrd dollardan geçdi. Birinji orny Tesla, SpaceX we ýakynda döredilen XAI...

28.02.2025 11:43
13k+

Mask supermilliarderleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Reýtingde jemi 24 adam bar

ABŞ-nyň hökümetiniň iş netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça edarasynyň (DOGE) ýolbaşçysy Ilon Mask supermilliarderleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu reýtinge bütin dünýä boýunça bary-ýogy 24 adam girýär...

30.12.2024 15:04
7k+

Bernar Arno 2024-nji ýylda iň kşp ýitgi çeken milliarderleriň anti-reýtinginde birinji boldy

2024-nji ýylda milliarderleriň sanawynda birinji ýeri eýelän, iň iri, kaşaň önümleri öndüriji LVMH-iň baş direktory Bernar Arnonyň baýlygy 2024-nji ýylda ep-esli azaldy. Business Insider-iň berýän maglumatlaryna...

04.10.2024 22:01
4.2k+

LVMH kompaniýasy “Formula-1-iň” täze hemaýatkäri boldy

“Formula-1” çempionatynyň eýesi Liberty Media holdingi LVMH lýuks ägirdi bilen 10 ýyllyk şertnama baglaşdy. Onuň çäklerinde hyzmatdaşlyga Louis Vuitton, Moet Hennessy we TAG Heuer ýaly birnäçe meşhur brendler gatnaşar...