Alymlar Ýerde güýçli magnit hadysasyny hasaba aldylar

  • 24.04.2023 10:34
  • 38k+

Ýekşenbe güni Ýerde güýçli magnit tupany hasaba alyndy. Bu barada Amaly geofizika institutynyň materiallaryna salgylanyp, TASS habar berýär.

Kosmos howa gözegçiliginiň maglumatlaryna görä, düýn planetamyzyň magnit meýdanynyň bozulma derejesi G5-iň adatdan daşary güýçlüdigini, G1-iň gowşakdygyny görkezýän bäş görkezijiden ybarat şkala boýunça G3 boldy. Ýekşenbe güni gijräk ol G4-e çenli ýokary galdy diýip, agentlik belleýär.
Şeýle dereje aragatnaşyk päsgelçiliklerinden başga-da, radio aragatnaşygynda, hemra we radio ýygylygy nawigasiýasynda hem näsazlyklaryň bolup biljekdigini göz öňünde tutýar.
Magnit tupanlary Gündäki partlamalar netijesinde ýüze çykýan Ýeriň magnit meýdanynyň güýçli bozulmalarydyr. Olar birnäçe sagatdan birnäçe güne çenli dowam edip, hemra we Ýerdäki beýleki tehnologiýalara, şeýle-de adamlaryň ömrüne we saglygyna täsir edip bilýär. Magnit hadysasy döwründe adamlarda gan basyşy bilen bagly näsazlyklar, ukusyzlyk, tahikardiýa, migren ýüze çykyp biler.


27.01.2026 10:10
6.4k+

12 ýyldan soň Mihael Şumaheriň saglyk ýagdaýy barada täze maglumatlar peýda boldy

Formula-1-iň ýedi gezek çempiony, meşhur nemes sürüjisi Mihael Şumaher indi düşege bagly däl. Ol henizem dowamly aýak üstünde durup bilmeýändigine garamazdan, lukmançylyk işgärleriniň kömegi bilen maýyplar arabasynda hereket edýär we teleýaýlymlardaky sport ýaryşlaryna tomaşa edýär diýip, Express žurnaly habar berýär...

24.01.2026 15:54
3.7k+

Günüň üstünden iň uly tegmiller toplumy ýitdi

Geçen ýyl Günde dörän tegmil toplumlarynyň arasynda iň ulusy «hiç zat galmazdan diýen ýaly» ýitdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugy habar berdi...

20.11.2025 10:55
3k+

Alymlar: Kosmos zyňyndylary Ýeriň atmosferasyny metallar bilen çalt hapalaýar

Nemes alymlarynyň halkara barlaglarynyň netijelerine görä, Ýeriň atmosferasy kosmos galyndylary sebäpli metallar bilen barha köp hapalanýar. Orbital mega-toparlaryň döremegi we uçuşlaryň köpelmegi bu prosesi has-da güýçlendirýär...

04.11.2025 14:20
3.6k+

Tehasyň Hökümeti autizm bilen bagly hakykaty gizlemekde aýyplap, Johnson & Johnson-a garşy kazyýet arzasyny berdi

Tehas ştatynyň (ABŞ) resmileri Johnson & Johnson (J&J) we onuň öňki bölümi Kenvue kompaniýasyna garşy kazyýete ýüz tutdy. Olaryň berýän aýyplamalaryna görä, kompaniýalar Tylenol (asetaminofen) dermanynyň çagalaryň arasynda autizmiň döremegine sebäp bolup biljek ähtimallygy barada maglumatlary gizläpdir...