«Forsaž 10» filminiň täze treýleri çykdy. Filmiň özi maý aýynda çykar

  • 22.04.2023 22:52
  • 16k+

“Forsaž” filminiň baş keşpleri Win Dizel bilen Jeýson Momoanyň ýerine ýetirmeginde onunjy bölümini döredijiler onuň täze treýlerini çykardylar. Bu barada rbclife.ru habar berýär.

Täze filmiň sýužeti Win Dizeliň ýerine ýetirmeginde Dominiko Torettonyň maşgalasy bilen ýaramaz Danteniň arasyndaky gapma-garşylygyň töwereginde ýaýbaňlanar. Danteniň keşbini Jeýson Momoa ýerine ýetirdi. Ol kakasy ölenden soň duşmanlardan ar almaga synanyşar, ýöne bu aňsat bolmaz. “Men siziň maşgalaňyzy böleklere dargatjak adam” – diýip, treýlerde Momoanyň keşbi aýdýar.
Ýerleşdirilen kadrlarda franşizanyň aýrylmaz alamatlaryna öwrülen köp sanly gapma-garşylygy, ýaraglary, ot we awtoulaglary görmek bolýar.
Filmiň režissýory Lui Letterýe (“Aldaw illýuziýasy”, “Titanlaryň söweşi”, “Täsin Halk”) boldy, ssenariýalary öň “Forsažyň” bäşinji bölümini we “Söweş” dramasyny döretmegiň üstünde işlän Jastin Lin ýazdy. Prodýuser bolup baş keşbi ýerine ýetiriji Win Dizel çykyş etdi, oňa Jeffri Kirşenbaum kömek etdi.
Filmiň surata düşürilişine Helen Mirren, Şarliz Teron, Jeýson Steýtem, Jon Sina we Bri Larson gatnaşdy. Franşizanyň onunjy bölümi 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda prokata çykar.


01.07.2025 14:08
7.8k+

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsažyň” iň soňky filminde peýda bolar

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsaž” film sagasynyň soňky bölüminde ýene peýda bolar. Muny Win Dizel Los-Anjelesdäki festiwalda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Braýan O'Konneriň keşbi ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň aprelinde çykmagy meýilleşdirilýän jemleýji filmde gaýdyp geler...

17.03.2025 18:36
6.9k+

“Forsaž 7-däki” Jeýson Stethemiň baggisi 40 750 dollara satyldy

“Forsaž 7” filminden belli bolan “Fast Attack” baggisiniň täze eýesi peýda boldy. Jeýson Stethemiň süren ulagy Bring a Trailer portalynda geçirilen auksionda 40 750 dollara satyldy. “Ýörite surata düşüriş üçin...

06.02.2025 12:14
7.7k+

“Forsaž” kinofranşizasynyň ýyldyzlary doňdurmanyň mahabatynda surata düşdüler

“Forsažyň” ýyldyzlary ýaryş ýollaryny asuda doňdurma iýmek bilen çalyşdylar. Win Dizel, Mişel Rodrigez we Ludakris Amerikanyň Häagen-Dazs brendiniň doňdurmasyny mahabat etmek üçin ýaryşlar dessanyndaky keşplerinden...

08.05.2024 11:49
6.4k+

“Forsaž-11” 2025-nji ýylda çykmaz, ol 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär

“Forsaž-11” filmi 2026-njy ýylda ekrana çykar. Bu barada režissýor Lui Leterýe aýtdy diýip, daily.afisha.ru habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, film indiki ýylyň başynda surata düşürilip başlanar, 2026-njy ýylda...