«Ýuwentusa» 15 utugy gaýtarylyp berildi. Klub ýedinjiden üçünji ýere çykdy

  • 21.04.2023 11:44
  • 21k+

Italiýanyň Milli olimpiýa komiteti «Ýuwentusyň» apellýasiýasyny kanagatlandyrdy. Turinli kluba öň jerime alnan 15 utugy yzyna gaýtarylyp berildi.

Ýanwar aýynda «Ýuwentus» Futbol federasiýasy tarapyndan maliýe kezzaplygynda aýyplanyp, 15 utukdan mahrum edildi. Bu temmi çäresi A Seriýanyň iň meşhur klubuny çempionatyň jedwelinde orta zyňdy.
Emma turinliler karary Milli olimpiýa komitetde öz bähbidine çözmegi başardylar. Olaryň arzasy kanagatlandyryldy diýip, TASS agentligi habar berýär. Öňki wise-prezident Pawel Nedwedden diskwalifikasiýa aýryldy. Klubuň öňki prezidenti Andrea Anelliniň arzasy kanagatlandyrylmady.
15 utugy gaýtarylyp berlenden soň, «Ýuwentus» çempionatda ýedinji ýerden üçünji ýere çykdy. Klubuň hasabynda 30 tapgyrdan soň, 59 utuk bar. Şeýlelikde, «Ýuwentus» indiki möwsüm üçin Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna çykmaga mümkinçilik berýän ýere düşdi. Turinli klub ikinji barýan «Lasiodan» iki utuk, birinji barýan «Napoliden» 16 utuk yza galýar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......