Sukerbergiň 2022-nji ýyldaky pul haky awiaçykdajylaryň hasabyna 27 million dollardan geçdi

  • 20.04.2023 20:06
  • 12k+

Amerikanyň Meta Platforms kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Mark Sukerbergiň 2022-nji ýylda umumy pul haky 1% ýokarlandy we 27 million dollardan geçdi diýip, kompaniýanyň ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasynyň (SEC) saýtyndaky habarynda aýdylýar.

Sukerbergiň kompensasiýasy 2021-nji ýylda 26,82 million dollar bolanlygyndan 27,11 million dollara çykdy. Bir ýyl öňküsi ýaly, ol hiç hili bonus tölegini ýa-da paýyny almady, aýlygy bolsa 1 dollarlygyna galdy.
Umumy görkezijiniň ýokarlanmagy beýleki tölegler bilen bir hatarda, hususy howa ulaglaryna çykdajylaryň 1,63 million dollar bolanlygyndan 2,28 million dollara çenli ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Şahsy goraga çykdajylaryň bir ýyl öň 15,2 million dollar bolanlygyndan 14,82 million dollara düşdi.
Sukerbergden başga, Meta-nyň işgärleriniň ortaça aýlyk derejesi 292,8 müň dollar bolanlygyndan 296,3 müň dollara çenli ýokarlandy.
Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitalizasiýasy 81,9% ýokarlandy. Bazar Metany takmynan 574,3 milliard dollar diýip bahalandyrýar .


25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

30.04.2026 07:20
2.3k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...