Türkmenistanda demir ýol ýolagçy gatnawlarynyň sany artdy

  • 20.04.2023 16:01
  • 39k+

«Demirýollary» AGPJ Türkmenistanda demir ýol ýolagçy gatnawlarynyň sanyny we ýygylygyny artdyrdy. Otlularyň hereketiniň täzelenen tertibi edaranyň saýtynda ýerleşdirildi.

Şeýlelikde, 16-njy aprelde Aşgabat-Türkmenabat-Aşgabat ugry boýunça otly ýolagçylary gatnadyp başlady. Aşgabat bilen Türkmenbaşynyň, Aşgabat bilen Serhetabadyň arasynda gündelik aragatnaşyk ýola goýuldy. Ozal bu ugurlar boýunça demir ýol gatnawlary günaşa ýerine ýetirilýärdi.
Öz gezeginde, 19-njy aprelden başlap Türkmenabat-Gazojak-Türkmenabat ugry boýunça otlular her gün gatnarlar.


düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......