Türkmenistan SPEСA-ny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş etdi

  • 19.04.2023 16:20
  • 22k+

17-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ženewa saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyna (SPEСA) gatnaşyjy ýurtlaryň ministrler duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň wekiliýeti agzalan forumda çykyş etmek bilen, SPEСA-ny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi. Şunuň bilen bilelikde, SPEСA-nyň sekretariatyny döretmek arkaly Maksatnamany institusional taýdan güýçlendirmek baradaky 2019-njy ýylda Türkmenistanyň öňe süren teklibiniň  ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle hem türkmen tarapy SPEСA-nyň taslama-maksatnamalaýyn işini amala aşyrmak üçin zerur bolan täze maliýe çeşmeleriň emele getirilmegi babatynda çykyş etdi. Şu nukdaýnazardan, SPEСA-nyň Köphyzmatdaşlyk ulag gaznasyny döretmek baradaky Türkmenistanyň teklibi goldanyldy. Şeýle hem türkmen tarapy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň 25 ýyllygy mynasybetli BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamasyny taýýarlamaklygy öňe sürdi.  


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......