Bloomberg: iOS 17 goşundylary diňe App Store-dan däl, eýsem islendik çeşmeden hem gurnar

  • 19.04.2023 16:02
  • 5.4k+

iOS 17-de ilkinji gezek iPhone-nyň ulanyjylaryna diňe App Store-dan däl, eýsem, del çeşmelerden hem enjamlara goşundylary ýüklemäge mümkinçilik berer. Bu barada Bloomberg-iň insaýderi we žurnalist Mark Gurman habar berýär.

Bu girizilen täzeligiň sebäbi 2022-nji ýylyň 1-nji noýabrynda güýje giren ÝB-niň sanly bazarlar kanunynyň (DMA) täze düzgünleri bolar. Bu düzgünlere laýyklykda, Apple we Google ulanyjylara üçünji tarapyň goşundy dükanlaryna girmäge rugsat bermeli. Şeýlelik bilen, döredijiler App Store we Play Store dükanlarynyň 15% we 30% tutumlaryndan sowlup geçip bilerler.
Apple bu kanun taslamasyna garşy çykmaga synanyşdy. Delil hökmünde kompaniýa tassyklanmadyk çeşmelerden goşundylary gurmagyň şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini we howpsuzlyk goraglaryny bozjakdygyny öňe sürdi. Şeýlelik bilen, ulanyjy galplyk, zyýanly goşundy üpjünçiligi we beýleki meselelere has ýakyn bolar. Şeýle-de bolsa, Apple Ýewropa Bileleşigini muňa ynandyryp bilmedi.
Täzelikleriň nähili işlejekdigi entek belli däl. Belki, kompaniýa diňe ÝB-niň ýurtlarynda goşundylary gurmakdaky çäklendirmeleri aýyrar. Gurman Apple -iň geljek ýylyň başyna, Ýewropa kanunlarynyň täze düzgünlerine laýyklykda, daşarky göçürip almak goldawyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýändigini tassyklady.


şu gün 19:22
550

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

şu gün 15:17
1.1k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
1.9k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...

20.02.2026 10:14
341

Apple Music-de indi ýakyndaky konsertleri tapyp bolar

Apple kompaniýasy iOS 26.4 täzelenmesi bilen Apple Music hyzmatyna birnäçe möhüm funksiýalary goşýar. Bu täzelenmeler ulanyjylara söýgüli aýdymçylaryna has ýakyn bolmaga we emeli aňyň kömegi bilen täze sazlar dünýäsini açmaga mümkinçilik berer...