Mask öz TruthGPT çat-botuny işe girizjekdigini mälim etdi

  • 18.04.2023 19:28
  • 15k+

Ilon Mask TruthGPT çat-botunyň öz wersiýasyny işe girizmekçi. Bu barada ol duşenbe güni Fox News teleýaýlymynyň alyp baryjysy Taker Karlsona aýtdy.

"Älemiň tebigatyna düşünmäge synanyşýan TruthGPT ýa-da hakykaty tapmak üçin aňrybaş jan çekýän AI (emeli aň) diýip atlandyrjak bir zadymy işe girizmekçi" diýip, ol aýtdy.

Mask bu AI-niň äleme düşünmegiň aladasyny edýändigi sebäpli, onuň howpsuzlygyň ygtybarly ýoludygyny, adamlaryň älemiň gyzykly bir bölegidigi üçin olary ýok etmeginiň ähtimal däldigini aýtdy. Ol emeli aňyň, umuman, howplaryny belläp, munuň "siwilizasiýany ýok etmek mümkinçiliginiň bardygyny" aýtdy.
The Wall Street Journal gazetiniň çeşmesine salgylanyp habar berşi ýaly, Mask 15-nji aprelde X.AI atly AI kompaniýasyny açdy. Financial Times gazeti 14-nji aprelde birnäçe çeşmä salgylanyp, Maskyň ChatGPT çat-botuny işläp taýýarlan OpenAI kompaniýasy bilen bäsleşip biljek täze emeli aň başlangyjyny işe girizmek üçin topar jemleýändigini habar beripdi.


20.06.2026 09:37
1.9k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.8k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
948

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......