The Sunday Times Karl III-niň şahsy emlägini 600 mln funt sterling bilen bahalandyrdy

  • 18.04.2023 10:41
  • 9.9k+

Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III-niň şahsy emlägi 600 mln funt sterlinge ($745 mln) ýetýär, bu bolsa onuň ejesi, şa aýaly Ýelizaweta II-niň (1926-2022) emläginden ýokarydyr. Bu barada The Sunday Times gazeti habar berýär diýip, TASS belleýär.

Makalada bellenilişi ýaly, onuň Aly Hezretleri şeýle netijäni diňe bir ejesinden alan miras arkaly däl-de, eýsem Kornuoll gersogçylygyny üstünlikli dolandyrmak bilen gazandy. Gürrüň monarha heniz tagt mirasdüşeri, Uels şazadasy Çarlz bolan wagty degişli bolan emläkleriň jemi barada gidýär. The Sunday Times tarapyndan 2022-nji ýylyň maý aýynda neşir edilen Birleşen Korollygyň iň baý ýaşaýjylarynyň sanawynda Ýelizaweta II-niň baýlygy 370 mln funt sterling ($460 mln) diýlip hasaplandy.
Gazetiň hasaplamalaryna görä, 2011-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda Uels şazadasy gersogçylygyň girdejisini 42,6%, ýylda 25,4 mln funt sterlinge ($31,5 mln) çenli artdyryp bildi. Gazet diňe 2012-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda döwlet baştutanynyň graflyga eýeçilik etmekden 212,7 mln funt sterling ($264 mln) möçberde girdeji alandygyny habar berýär.
The Sunday Times 74 ýaşly monarhyň zatlara aýawly garaýandygy bilen hem bellidigini nygtaýar. Ýagny, ol, köplenç, birnäçe ýyl mundan ozal satyn alnan egin-eşikleri geýýär, şeýle-de elektrik energiýasyny tygşytlamak meselesine ünsli çemeleşýär.


27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.3k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...

26.02.2026 14:03
6.2k+

Beýik Britaniýanyň parlamentinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda duşuşyklar geçirildi

25-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy...