Aşgabatda «Merkezi Aziýa + Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçiriler

  • 18.04.2023 10:37
  • 6.7k+

17-nji aprelde Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti Aşgabatda birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon bilen duşuşygy boldy. Onda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy myhmanlary milli parlamentiň alyp barýan işi we onuň wezipeleri, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda kanunçylyk ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.
Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň halklarynyň bähbidine parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we degişli ugurda tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda taraplar ýokary derejede geçirilýän türkmen-koreý gepleşikleriniň ygtybarly ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdiler.
Şeýle hem şol gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary bilen duşuşyk boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna öňdebaryjy tejribäni hem-de ýokary tehnologiýalary, häzirki zamanyň ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak, iri daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda koreý işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, myhmanlar üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, koreýaly hyzmatdaşlar Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördüler. Bu ýerde köp sanly halkara bäsleşikleriň hem-de festiwallaryň ýeňijisi, meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy boldy.
Şeýle-de koreý parlamentarileri Arkadag şäheriniň binagärlik aýratynlyklary bilen tanşyp, bu ýerde amala aşyrylýan gurluşyk işlerine ýokary baha berdiler. Olar bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmagy özleri üçin hormat hasaplaýandyklaryny aýtdylar.


şu gün 08:13
924

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

düýn 23:15
4.5k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.5k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

30.04.2026 17:05
2.3k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......