«Blackpink» k-pop topary Jastin Biberden we Ed Şirandan öňe geçip, täze rekord goýdy

  • 16.04.2023 23:36
  • 21k+

Günorta Koreýanyň «Blackpink» pop toparynyň agzalary YouTube-da iň meşhur sazanda boldular. Hypebae-iň maglumatlaryna görä, 2016-njy ýylda toparyň döredilen gününden bäri onuň wideo platformasynda 30,1 milliard tomaşa toplandy.

Şeýle hem bu toparyň abunaçylarynyň sany iň köpi - 86,6 million sany. Şeýlelikde, «Blackpink» 13 ýyl bäri YouTube-da iň halanýan aýdymçy bolan kanadaly pop ýyldyz Jastin Biberi birinji ýerden düşürdi. Meşhurlygy boýunça üçünji ýeri Ed Şiran eýeledi.
Abunaçylarynyň sany boýunça ikinji orny Koreýanyň BTS topary (74,2 million), üçünji orny Jastin Biber (71,2 million) eýeleýär.
2022-nji ýylyň awgust aýynda «Blackpink» bir günde 86,2 million gezek tomaşa edilen we 2022-nji ýylda ähli wideolaryň arasynda rekord goýan “Pink Venom” aýdymyna wideo çykardy. Pink Venom indi YouTube-yň taryhynda ilkinji 24 sagadyň dowamynda iň köp görlen üçünji wideodyr. Dördünji ýeri olaryň "How You Like That" atly wideosy, bäşinji ýeri Ice Cream, ýedinji ýeri bolsa Lisanyň ýekelikdäki klipi bolan LALISA  eýeledi.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....