Samarkant we Daşkent 2024-nji ýylda GDA-nyň paýtagtlary hökmünde saýlandy

  • 16.04.2023 12:18
  • 9.7k+

14-nji aprelde Samarkantda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň altynjy duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda 2024-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty statusyny Samarkanda we şol bir 2024-nji ýylda GDA-nyň ýaşlar paýtagty statusyny Daşkende bermek barada karara gelindi.

“Meniň pikirimçe, bu respublikanyň GDA-nyň çäklerinde özara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr we biziň özbegistanly dostlarymyza goýulýan hormatyň nyşanydyr” – diýip, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew belledi.

Mundan başga-da, mejlisde maýyplygy bolan çagalar üçin spartakiadany döretmek baradaky kararyň taslamasy makullandy. Spartakiadany her dört ýyldan geçirmek meýilleşdirilýär. Ilkinji gyşky ýaryşlar 2024-nji ýylda, tomusky ýaryşlar 2026-njy ýylda meýilleşdirilýär.


09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

20.04.2026 15:31
1.8k+

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler......

09.04.2026 19:49
8.7k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......