Aşgabatda Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar sadakasy berildi

  • 15.04.2023 06:11
  • 62k+

14-nji aprelde Aşgabatdaky Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, Prezident Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar sadakasyny berdiler.

Metjitde Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan doga-dileg edýär.
Soňra sadakanyň berilýän jaýynda nahar çekilmezden öň, türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlara ýüzlendi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli salamlaşyp, şu gün halkymyzyň mukaddes däp-dessuryny, ynsanlyk borjumyzy berjaý edip, käbäm ejem Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, mukaddes Remezan aýynda belli gün agzaçar sadakasyny berýäris diýip belledi. Ejemiň aradan çykmagy zerarly, köp sanly raýatlarymyz, şeýle hem dürli ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet ýolbaşçylary gynanç bildirýärler. Munuň üçin ähliňize taňryýalkasyn aýdýaryn diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Her bir adamy zähmet taplaýar. Ejem ömrüň manysyny zähmeti söýmekde, halal ýaşamakda görerdi. Kakam Mälikguly aga bilen bilelikde ol biziň mynasyp adamlar bolup ýetişmegimiz üçin kän tagalla etdi diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Maşgalada ata — ata ýerinde, ene — ene ýerinde bolsa, perzentler hem durmuşda hökmany öz ornuny tapýar. Olar bizi şeýdip ulaltdylar. Türkmençilik däp-dessurlary barada köp adamlar ejeme geňeş salardylar. Arassaçylyk, zähmetsöýerlik onuň öz perzentlerinden hem edýän esasy talabydy. Ol kitaplary, hatda gündelik gazet-žurnallary okamaga hem wagt tapýardy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Sözüniň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow: “Maşgala ojagyna wepadarlygyň, mähribanlygyň nusgasyny görkezen ejem Ogulabat ejäni hatyralap berilýän sadaka, okalýan aýat-töwirler Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! Käbämiň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun!” diýip belledi.
Köpasyrlyk däbe görä, merhumyň hatyrasyna tebärek çykylandan soň, agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi.
Şol gün şeýle hem paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň metjitlerinde agzaçar sadakalary berildi.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......