Maýkl Jordanyň krossowkasy rekord mukdara satyldy

  • 13.04.2023 15:54
  • 21k+

MBA-nyň alty gezek çempiony Maýkl Jordanyň 1998-nji ýylda karýerasyndaky iň soňky çempionatyň finalynda geýen sport aýakgaby auksionda rekord derejeli 2,2 mln dollara satyldy. Bu barada Sotheby’s auksion öýüniň sahypasyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

“Çikago Bullz” üçin çykyş eden Jordan bu Air Jordan 13 krossowkasyny MBA-nyň pleý-offunyň finalynyň “Ýuta Jaza” garşy ikinji oýnunda geýdi. Bu gapma-garşylygyň wakalary esasynda “Iň soňky tans” atly dokumental film hem surata düşürildi.
AFP-niň habar berşi ýaly, bu mukdar auksionlarda sport aýakgabynyň satyn alynmagyna sarp edilen rekord mukdar boldy. Öň hem şeýle üstünlik Jordana degişlidi, 2021-nji ýylda basketbolçynyň başga bir krossowkasy 1,4 mln dollara satyldy. Jordan iň gymmat maýka rekordyny hem saklaýar (10,1 mln dollar, 2022-nji ýylyň sentýabry).
2003-nji ýylda karýerasyny tamamlan Jordan “Çikagonyň” düzüminde MBA-nyň alty gezek çempiony we ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň düzüminde iki gezek Olimpiýa çempionydyr (1984, 1992).


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....