HPG dünýäniň jemi içerki önüminiň ösüşi barada çaklamasyny peseltdi

  • 13.04.2023 11:15
  • 3.2k+

Halkara pul gaznasy (HPG) ählumumy jemi içerki önümiň ösüşi baradaky çaklamasyny 2023-nji ýylda 2,8% -e, 2024-nji ýylda 3% -e çenli peseltdi. Bu barada sişenbe güni gaznanyň dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň geljegi barada çap eden hasabatynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

HPG-niň we Bütindünýä bankynyň dolandyryş edaralarynyň ýazky mejlisinde hödürlenen resminamada: "Soňky çaklamalarymyza görä, ählumumy ykdysady ösüşiň depgini şu ýyl 2,8% bolar we 2024-nji ýylda birneme 3% -e çenli ýokarlanar" diýilýär. Şu ýyl ählumumy jemi içerki önümiň ösüşi baradaky ýanwar çaklamasy 0,1 göterim peseldi. Geljek ýyl bu görkezijiniň ýokarlanmagy baradaky çaklama hem 0,1 göterim pukt ýokarlanýar.

HPG-niň baş ykdysatçysy Pýer-Oliwýe Gurinşanyň bankyň saýtyndaky blogynda belläp geçişi ýaly: "Bu ýyl ykdysady ösüş, esasan, ösen ýurtlarda, aýratynam ýewro zolagynda we Angliýada jemlendi". Gaznanyň hasaplamalaryna görä, dünýä ykdysadyýetine abanýan töwekgelçilikler ýokary hümmetsizlenmäniň garaşylandan has uzak dowam etmegi bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, bu howp "bank ulgamyndaky soňky durnuksyzlyk" sebäpli "ählumumy maliýe şertlerine talabyň garaşylandan has dowamly berkemeginiň" mümkindigi bilen baglanyşykly.
Hasabatda: "Soňky üç ýylda pandemiýa we ykdysady sarsgynlar sebäpli köp ýurtlarda hususy we döwlet karzy onlarça ýyl bäri görülmedik derejä ýetdi hem-de ol ýokary derejede bolmagynda galýar" diýip nygtalýar.


düýn 08:04
6.3k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 14:40
2.6k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......