Dünýädäki iň kiçijik it hasaba alyndy

  • 12.04.2023 15:10
  • 28k+

ABŞ-dan Perl lakamly iki ýaşly çihuahua resmi taýdan dünýädäki iň kiçijik it diýlip ykrar edildi. Onuň boýy bary-ýogy 9,14 sm, ýagny ol, mysal üçin, eskimonyň çöpjagazyndan hem kiçidir diýip, moya-planeta.ru belleýär.

Itiň uzynlygy 12,7 sm bolup, bu, takmynan, kagyz dollarynyň ölçegi bilen deňdir. Perliň agramy 553 g. Ginnesiň rekordlar kitaby çihuahuanyň rekordyny tassyklady. Gyzykly ýeri, ol 2020-nji ýylda – Perl dünýä inmezinden öň ölen öňki rekord eýesi Mirakl Milliniň (9,65 sm) garyndaşydyr.
Itiň eýesiniň aýtmagyna görä, Perl gymmat iýmitleri iýmegi, “owadan geýinmegi” gowy görýär. Ýakynda bolsa, ol eýesi bilen Milandaky dükanlara-da aýlandy. Şol bir wagtyň özünde onuň rahat häsiýeti bar.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....